8 Eylül 2019 Pazar

51 NJI BÖLÜM
51 AREA

Amerikanyñ 51 nji bölüm dp atlandyrylýan ýerine baran adamlaryñ köpüsi özüni heläkländir we köpüsi aklyny ýitirendir. Amerikada ýerleşen bu 51 bölüm tozap ýatan daglykly çöllükdir. Içinde uly turbalaram ýerleşýär. 51 nji bölüm adyny ýanynda duran 15 bölümden alandyr. Sebäbi 15 yzyna öwürsek 51 bolýar. Bu ýer hökümet tarapyndan gaty berk goralýar. Içine hiç kimiñ girmesine rugsat berilenok. Eger giräýen ýagdaýlarynda goragçy işgärleriñ atmana haky bardyr. Näme üçin bu ýeri berk goralýar, näme üçin bu ýere hiç kim goýberilenok, näne üçin ol ýer gizlin saklanýar, näme üçin ol ýer hemme dünýä tarapyndan gürleşilýär ?.
Munuñ iki sebäbi bardy. Köp adamyñ aýtmagyna görä bu ýerde başga planetalaryñ barlygydyr. Özem olary Amerika bilýär we gizlin saklaýarlar. Bu doly sut edilen däldir ýöne wideo kameralara düşen zatlar bolsa biraz subutnamany we ynamy güýçendirýär. 51 nji bölümüñ gyrasyndan irdenler geçip barýan maşynyñ alan wideosynda bolsa 51 bölümüñ ortalarynda bir uçýan obýekt düşüpdir. Bu edil uçýan tarelkalara meñzäp durandyr. Köp kişi onuñ dik uçardygny ( Верталёт ) dygny aýdypdyr. Ýöne edil bölümüñ ortasynda beýdip ýuwaşja gymyldaman durmasy dik uçarlara degişli hereket däldir. Ýene bir adamyñ agşam sagat 2 de çeken wideosy bolsa biraz elhenç we gorkunç. Ol adam agşam sagat 2 töwerekler 51 bölümiñ uly jaý turbasynyñ içine girýär. Adamyñ özem gorkydan titräp durdy. Turbañ içi garañkydy diñe el çyrasynyñ tutan ýerleri görünýärdi. Ol adam bir ak iýmite meñzeş ýere dökülip ýatan zady görýär. Ýanyna barýar we ol zady basgylaşdyryp görýär. Soñunda bolsa edil gyrasynda duran gapyny açanda bolsa gaty elhenç zat bilen gabatlaşýar. Gapyny açyp kamerany tutanda bir adama meñzeş bedenli edil başga planetalara meñzäp duran ýüzi we ullakan gözleri bn biri jyklaýar. Şo bada adam gorkujundan gaçmak bilen bolýar. Gyrasynda duran ilkinji gören ak zatlary bolsa şo başga planetalyñ iýmiti dp aýdylýar. Bu wideoñ çynmy ýada ýalanmy ol doly belli däl. Ýene bir wideoda agşam sagatlarynda 51 nji bölümüñ içinde duran bir maşyn kamerasyna görünen bir näbelli figuraly zatdyr. Agşam daşarda duran maşynyñ öñki çyralary açykdy we öñi gowy görünýärdi. Birdende maşynyñ takmynan 30 metr aññyragynda sag tarapdan görnüp çep tarapa emedekläp geçen jandaram boldugyça gorkunçdyr. Ol zada ilki itdir öýdüpdürler. Ýöne soñ kamerany ýakynladyp barlap görenlerinde bolsa ol zadyñ edil adam bedenine meñzeş bedeniniñ we uly gözleriniñ bardygy belli bolupdyr. Edil ikinji wideodaky jandar ýaly buda edil şoña meñzeşdir. Maşynyñ signal çalyp çala yza çekilmesi hem o jandary gyzyklandyranokdy. Eger ol jandar hakykatdanam it bolanda signal çalynanda üýrerdi ýada gaçardy. Başga bir wideoda bolsa bir adam agşam sagatlarynda garañky 51 nji bölümüñ daşarsynda bir zatlar ýitiren ýaly ýerleri barlap çyrasyny ýakyp dowam edýärdi. Elinde kamerasam bardy. Birden kamerany aşakdan göni öñüne tarap bakdyranda bolsa edil 10 metr aññyragynda duran edil gözleri uly we ýañky figura meñzeş jandaryñ seretmesi bilen adam gorkujundan gygyryp gaçmak bilen bolýar. Ýene bir başga wideoda bir dört burç otagyñ içinde kamera goýlupdyr. Kamerañ öñüräginde ýüzüni añyryk edip çugutdyryp oturan bir ufo jandaryna meñzeş bedeni görmek bolar. Birdende ol bedeniñ ýüzi ýuwaşjadan soñra hemme tarapyny kamera öwürýär. Soñra ýerinden turup kamerañ edil öñüne barýar we ellerini kamera galgadyp görýär. Soñra gapy tarapdan biriniñ gelýändigini bilensoñ ýenede öñki ýerinde öñkisi ýaly oturýar. Gapy açylanda bolsa içerik bir adam bedeniniñ kölekesi görünýär. Köp kişiñ aýtmagyna görä bu adam Amerikaly adam we şol ufo jandarynyñ gözegçisidir. Bu wideonyñam hakykymy ýada ýalanmy intek doly subutnamasy tapylmamakdadyr. Eger ol adam Amerikaly bolsa onda olar başga planetalylary tapdymy ? Eger tapan bolsalar näme üçin dünýäden gizleýärler ? Amerika olary ellekileşdirýälermi ? Bu zatlarada doly kesgitli jogap aýtmak kyn. Ýene bir iñ elhenç we gaty rahatsyz ediji wideolardan biri bolsa 51 bölümüñ içinde bir çekilen wideodyr. Ol wideonyñ ýüzi ak gara görkezýänligi sebäpli irki wideo bolup biler. Wideoda bir başga planetaly jandary adamlar doktor eşikli operasiya etýäler. Nasilkañ üstünde ýatan jandaryñ öli bolmagy ahmal. Sebäbi ol hiç hili gymyldanokdy. Ol edil başga planetaly jandaryñky ýaly uly gara gözleri bardy. Adamlar onuñ gözündäki garasyny bir enjam bilen tutup aýyrýarlar. Netijede gözüñ içi bir tegelek bolup ortasynda bir göz ýaljak deşijek ybarat bolýar. Agyzyny galdyryp elhenç dişlerini we uzyn dilini çykarýalar. Garnyny kesip içini barlag edýäler. Bu wideonyñam hakykymy ýada ýalanmy ol intek belli däl ýagdaýdadyr. 
A başgalaryñ we dünýäniñ ýarsy diýen ýaly ynanylýan ýene bir sebäp bar. 51 nji bòlümde Amerikanyñ ýasan gizlin ýaraglary, gizlin uçarlary, gaty howply we intek ulanylmadyk ýaraglar bar dp hem aýdylýar. Bu hakyky bolmagam ahmal. Sebäbi soñky döwürde Russiýa gaty ýaraga üns berdi we hemme dünýaden üstün boldy. Hemme yurt ondan çekinip duran hala geldi. Ýöne muña Amerika çydap bilmeýärdi. Şo sebäpli ol Russiýanyñ güýcli ýaraglaryna garşy intek görülmedik we ulanylmadyk ýaraglar sklady açan bolmagy ahmal we ol 51 nji bölüm bolmaly. Ýene bir zat bar. Amerika hem edil Russiýa ýaly güýcli döwletdir hatda köp zatda ondan üstünem çykýar. Russiýa diñe ýaragda bolmasa, Amerika ondan başga zatlaryñ hemmesinde ösendi. Amerika ine şu ýagdaýa cydanokdy. Özüni Russiýadan ejiz hasaplanokdy we muny sut etmek üçin intek görülmedik zatlary açylmalydy. Şu sebäpli 51 nji bölümüñ açylan bolmagam ahmal. 51 bölümiñ ýene bir ýeri bar. Olam ýeriñ näçe kilometr aşagyndada uly gizlin labaratoriýalar we gizlin barlaglar geçilýar dp hem aýdylýar. Özem muña köp adam ynanýar. Ýeriñ näçe km aşagyna gazylan we ol ýerde gizlin işlemler geçilmesi, we bu ýeriñ gizlin saklanmasynyñ sebäbi näme ? Oña intek jogap berip bilenoklar hatda köp kişiñ aytmagyna görä Amerikanyñ iñ uly bilim we harby işgärlerem bu ýagdaýy bilenokdy we näme bardygyndan habarsyzdylar. Beýle öz iñ yakyn işgärlerinden hem saklanar ýaly ol ýerde näme barka ? Amerika nämañ başynda ? Köp rus adamlary bu ýeri yzarlaýalar. Amerikada täze bir uçar önürildi. Ol uçar intek görülmedik we başga uçarlara garañda olardan 5 esse ýokardan uçyan harby we görünmesiz ( Нивдинка ) harby uçarydy. Onuñ reñki gara we gaty ýokardan uçup bilýar hatda ony aşakdan atyjy iñ güýcli ýaraglaryñ hem oña oky ýetmänka ýarylýan eken. Bu uçar Amerikada ýasalandan soñra Russiýa eýtdi beýtdi we ol uçary atyp almany başardy. A ruslar bu uçary görip haýran galdylar. Köp rus bilim işgärleri bu dünýade ýasaljak gural däl hem diýdiler. Ýöne bu Amerikada ýasalypdy. Ruslaryñ yzarlap barlamalryna göra 51 nji bölüm uçuş ýolunda bir kamera goýdylar. Soñra bir uly kamaz peýda boldy we onuñ üstünde bir uly uçara meñzeş zat bardy. Ýöne onuñ üsti uly mata bilen ýapylandygy zerarly uçarmy ýada uçyan tarelkamy olam belli däl. Kamazyñ üstündäki uly zat uçyan tarelka meñzeýärdi. Bu normaldyr. Sebäbi olaryñ ýanky ýasan ucary hem uçyan tarelka meñzeşdi. Şondada bu temada intek jedelleşiler şeklinde dowam edýär. Ýa birden bu ýerde hiç bir zat ýok bolsa birden hemme zat ýalan bolsa. Eger ýarag sklad üçin döredilen bolsa onda näme sebäp bilen ol jandarlar görüldi. Ol jandarlar nämeka ? Birden Amerika ol ufoly wideolary özleri gurnap çeken bolsalar näme ? Ýada adamlaryñ ünsüni we Russiýan gözüni gorkuzmak üçin oýlanyp tapylan toslama bolsa näme ? Bu temalaram diñe jedeliñ üstünde durandyr. Hiç hili belli zat ýok. Dünýaniñ yarsy şol yerde başga planetalylaryñ bardygna ynanýar ýarsy bolsa gizlin yarag sklatdygna ynanýar a eýleki ýarsy bolsa hemme zadyñ ýalandygyna ynanýar. Siz haysyna ynanýañyz ? Aşakda teswire jogaplaryñyza garaşýan !

51 nji bölüm kartasy


51 nji bölümden alynan wideolardan surat parçalary











Ýazgyda aýdylan wideolaryñ hemmesi You tubede bar eger göresiñ gelse 51 BÖLGE SIRRI dp ýazyp gör birtopar hatda gaty köp şo barada video çykarar. Ýöne psihologiýanyza erbet zyýan edip biler. Şo sebäpli diñe 18 ýaşdan geçenlere görmäni maslahat berýäs.